Mazmuna geçiň

Ysmaýyl şa

Wikipediýa, erkin ensiklopediýa

Ysmaýyl şa– Sefewi türkleriniň döwletini esaslandyryjy we döwletiň birinji hökümdarydyr. Ysmaýyl şa 1487-nji ýylda dogulýar. Onuň kakasy Haýdar sefewiýe dini derwüşçilik toparyny döreden 1254 – 1334-nji ýyllarda ýaşap geçen Sefi od-Din Ishak atly Ardabilli şeýh bolupdyr. Ysmaýyl şa hem şonuň neberelerinden bolupdyr. Şol derwüşçilik toparynda Anadolydan gelen Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Mukaddes Ruhnamasynda sanaýan ýedi türkmen taýpasy (şamly, rumly, ustaçly, tekeli, baharly dülkadyr, owşar) sopy bolupdyrlar.

1498-1500-nji ýyllarda Akgoýunlylar döwleti ikä bölünmegi bilen baglanyşykly dörän amatly ýagdaýy ulanyp, 12 ýaşly şa Ysmaýyl öz atalygy Hüseýin beg Şamlynyň maslahaty bilen 300 atlysy bilen Ardebile gelýär. Şol ýerde 7 müňli türk goşuny bilen häkimiýet ugrunda urşa başlaýar. Olar 1501-nji ýylda Akgoýunlylary ýeňip, Töwrize girýärler. 1502-nji ýylda Töwrizde Ysmaýyl Eýran şasy diýlip jar edilýär. Ol 1503-nji ýyldan 1510-njy ýyla çenli Kazwin, Kum, Yspyhan, Şiraz, Ýezd, Kerman ýaly şäherleri, Ermenistan, Kürdistan, Yrak ýaly ýurtlary basyp alýar. 1510-njy ýylda Marynyň golaýynda Horosan ugrunda özbek hany Şeýbany bilen bolan söweşde Şeýbany han öldürilip, Seistan we Horosan Sefewi türkmenleriniň döwletiniň düzümine goşulýar. Köşkde we goşundaky dil türk dilinde bolupdyr. Şa Ysmaýyl şol dilde goşgy ýazypdyr. 1524-nji ýylda şa Ysmaýyl ýogalýar.