Serhio Pitol
Serhio Pitol Demenegi, Meksikan ýazyjysy, terjimeçisi we diplomaty. 1933-nji ýylyň 18-nji martynda meksikan ştaty Pueblanyň Puebla-de-Saragosa şäherinde dünýä indi. Bäş ýaşyndaka kakasyny, ejesini we uýasyny ýitirýär. Ol meksikan Milli awtonom uniwersitetini tamamlaýar we şol ýerde mugallymçylyk edýär, soňra bolsa, Werakrusa we Bristol uniwersitetlerinde işleýär. 1960-njy ýyldan başlap, Pariž, Warşawa, Budapeşt, Moskwa we Praga şäherlerindäki Meksikanyň ilçihanalarynyň medeniýet bölümlerinde işleýär. Şeýle hem Rimde, Pekinde we Barselonada işleýär. Ol 1969-njy ýyldan 1972-nji ýyla çenli Katoloniýada “Seix Barral”, “Tusquets”, “Anagrama” ýaly dürli neşirýatlarda terjimeçilik edýär. Ol ýüzden gowrak daşary ýurtly awtorlaryň eserlerini ispan diline geçirýär. 2018-nji ýylyň 18-nji Aprelinde aradan çykdy.
Eserleri
[düzet | çeşmäni düzet]- Söýgi ýörişi
- Gül oýny
- Buhar mukamy
Gazanan baýraklary
[düzet | çeşmäni düzet]- Hawýer Wilýaurrutiýa 1981, "Bahar mukamy" atly eseri üçin.
- Erralde 1984, Söýgi ýörişi atly eseri üçin.
- Huan Rulfo 1999.
- Migel de Serwantes, 2005.
Çeşme
[düzet | çeşmäni düzet]Serhio Pitol - Zaman Türkmenistan. 12/08/2018 senesinde ulaşyldy.